• Eýranyň beýik lideri Azerbaýjan Respublikasynyň prezidentini kabul etdiler
    Eýranyň beýik lideri Azerbaýjan Respublikasynyň prezidentini kabul etdiler

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy düý agşamara Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet baştutany Ylham Alyýewi käbul etdiler.

Aýatolla Hameneýi Hezretleri  bu duşuşykda Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasynyň çuň baglanyşyklaryna yşarat edip iki ýurt köpugurly hyzmatdaşlyklarynyň gerimini giňeltmelidirler diýip nygtadylar.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysyAýatolla Hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda Azerbaýja Respublikasynyň ilatynyň aglabasynyň Eýran we Yrak ýaly ähli beýt(a.s)-a eýerýändiklerine yşarat edip  bu peýdaly pursatyň we Azerbaýjan Respublikasynda şaýlaryň geçirýän ýas çäreleriniň gadyry bilinmelidir diýip nygtap geçdiler.

Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet baştutany Ylham Alyýew hem bu duşuşykda Eýrana gelende öz öýüne gelen ýaly bolýanlygyny aýdyp Azerbaýjan Respublikasy Eýran bilen gatnaşyklaryny berk saklap durandyr we iki ýurduň arasynda kynçylyk döretmäge hiç kime rugsat bermez diýip yglan etdi.

Tag

02 Noýabr 2017, 20:31
Teswirler