• Eýranyň parlamenti Amerikanyň täze gadaganlyklaryna çäre görýär

Eýran parlamentiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň metbugat wekili Amerika kongressinde Eýrana garşy täze gadaganlyklaryň taslama ýazgysynyň taýýarlanmagyny ýadro ylalaşygynyň bozulmagynyň we Amerikanyň duşmançylygynyň alamatydyr diýdi.

Amerikanyň Kongressi Eýranyň Sepah Pasdaranyna garşy gadaganlyklaryň taslama ýazgysyny  taýýarlandyr.

şu gün Hoseýin Nagawi Hoseýni ISNA bilen geçiren söhbetdeşliginde Amerika Kongressiniň Eýrana garşy soňky hereketini ýazgaryp Eýran Yslam respublikasy bu herekete garşy berk çäreleri göz öňünde tutjakdyr diýip yglan etdi.

Nagawi Hoseýni şeýle-de Amerika döwleti halkara ylalaşyklary äsgermeýänligini mälim etdi diýip sözüne goşdy.

Tag

04 Mart 2018, 21:40
Teswirler