• Eýran bilen Türkiýäniň prezidentleri telefon arkaly gürrüň etdiler

Eýran bilen Türkiýäniň döwlet baştutanlary iki ýurduň hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegini nygtadylar.

şu gün Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani türk kärdeşi rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Eýran bilen Türkiýäniň köpugurly hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegi iki milletiň islegidir diýmek bilen gol çekilen ylalaşyklaryň amala aşyrylmagy ösüşe bakan ikitaraplaýyn gatnaşyklara badalga berjekdir diýip nygtady.

prezident Ruhani şeýle-de sebitde parahatçylykly maksaylar ugurdaky Eýran bilen Türkiýäniň gepleşikleriniň dowam etdirilmegini isledi.

Ruhani sözüniň dowamynda Eýran bilen Türkiýe döwletleri bilelikdäki hyzmatdaşlyklaryny pugtalandyryp Siriýadaky çaknyşyklaryň güýçlenmeginiň öňüne geçmelidirler diýip nygtap geçdi.

Türkiýäniň prezidenti rejep Týyp Ärdogan hem bu söhbetdeşlikde Türkiýäniň ykdysadyýet ministrniň Tehrana gurnajak saparynyň iki ýurduň sňwda gatnaşyklarynyň ösmegine sebäp bolmagyny umyt etdi.

Tag

17 Aprel 2018, 21:38
Teswirler