• Şamhani: ýadro ylalaşygy halkara guramalar üçin taryhy synagdyr

Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani syýasy we howpsuzlyk bir ylalaşyk adynda ýadro ylalaşygyň amala aşyrylmagy ýada şowsuzlyga uçramagy dawa aramagyň ýerine gepleşik geçirilmeginiň täsirliligini hemde halkara guramalaryň başarjaňlygyny ölçemek üçin taryhy synagdyr diýip nygtady.

şu gün Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani Tehranda Eýranyň tertip düzgün goraýjy güýjiň serkerdeleriniň ýygnagynda eden çykyşynda ýadro ylalaşygy baradaky Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň aýdan gürrüňlerine yşarat edip Donald Tramp Amerikanyň öňki döwletiniň gol çeken ylalaşygyny kabul etmese hiç bir ýurt Amerika bilen ylalaşyga gol çekmez diýip nygtady.

Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani şeýle-de duşmanlar dürli syýasy,sosial we medeni şiweler bilen Eýrana urgy urmagyň yzyndadyrlar diýip sözüne goşdy.

05 Maý 2018, 21:41
Teswirler