• Eýran bilen Türkmenistanyň ykdysady hyzmatdaşlyklary ösdürilýär

Eýran bilen Türkmenistanyň bilelikdäki ykdysady komisiýasynyň başlygy Abbas Ahindi iki ýurduň gatnaşyklaryny ösdürmek ugurdaky böwetleri ýok etmek üçin Tehran bilen Aşgabadyň resmileriniň berk yrada gulluk edýändiklerini aýtdy.

şu gün Abbas Ahindi Tehranda Eýran bilen Türkmenistanyň ykdysady hyzmatdaşlyklar boýunça bilelikdäki komisiýanyň maslahatyndan soňra eden çykyşyndaiki ýurduň prezidentleri hyzmatdaşlyklar ugrundaky böwetleri aradan aýyrmak üçin berk syýasy yrada gulluk edilmegini nygtap geçendirler diýdi.

Ahindi şeýle-de Eýran, Türkmenistasn, Oman, Özbegistan demir ýol koridorynyň işjeňleşdirilmegi barada hem karara gelinendir diýip sözüne goşdy.

Türkmenistanyň daşary işler ministri  Reşit meredow hem bu duşuşykda Aşgabat döwleti Eýran bilen ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekligi gü tertibinde goýandyr diýmek bilen  merkezi Aziýada täsir galdyrmak üçin Eýran bilen türkmenistanyň mümkinçiliklerinden haýyrlanylmagyny isledi.

Reşit meredow Eýran bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlyklary ady bilen geçirlen maslahatdan soňra habarçylaryň arasynda eden çykyşynda iki ýurduň bilelikdäki serhetlerinde erkin söwda sebitiň guralmagy barada karara gelinenligini yglan etdi.

Tag

13 Maý 2018, 22:15
Teswirler