• Eýran mejlisinde Eýran bilen Türkmenistanyň gatnaşyklarynyň ösdürilmegine garaldy

Eýran mejlisiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň metbugat wekili Seýed Huseýin nagawi Huseýni bu komissiýanyň agzalarynyň Eýran bilen Türkmenistanyň gatnaşyklarynyň ösdürilmegini we söwdalaşyk ugurdaky kynçylyklarynyň çözülmegini isleýändiklerini aýtdy.

şu gün Seýed Huseýin nagawi Huseýni habarçylaryň arasynda mejlisiň milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň şu günki maslahatyna yşarat edip goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi Tehraniň daşary syýasatynyň gün tertibinde bolansoň bu maslahatda Eýran bilen türkmenistanyň gatnaşyklaryna garalandyr diýip habar berdi.

Nagawi Huseýni şeýle-de bu maslahatda Eýran bilen Türkmenistanyň ykdysady meseleleri şol sanda gaz we elektrik geçirmek meselelerine garalandyr diýip sözüne goşdy.

21 Maý 2018, 18:57
Teswirler