• mertebesi belent ýolbaşçy: pars goşgysyny arassa saklamak ugurda tagalla ediň

yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hamaneýi Hezretleri taryh boýunda pars goşgysyny arassa we haýaly hasaplap bu arassalygy we haýalylygy gorap saklamak ugurda tagalla ediň diýip beýan etdiler.

pars edebiýatynyň mugallymlarynyň  we şahyrlaryň bir topary öten agşam Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hamaneýi Hezretleri bilen duşuşdylar.

bu duşuşykda yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hamaneýi Hezretleri adalaty, çydamlylygy we ahlak usullaryny wagyz etmek şahyrlaryň borjydyr diýmek bilen pars goşgysy mydama hikmetden, ahlakdan doly we endişäniň ösmeginde we umyt döretmekde ýörite rola eýe bolandyr diýip nygtadylar.

yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hamaneýi Hezretleri yslam ynkylabynyň duşmanlarynyň pars goşgysyny dogry ýollan azdyryp ony endişe-de ýüzlekeý meselelere, amalda bidüzginçilige, syýasatda erkiňi kesekä bermeklige we duşmanyň garşysynda parhsyz oturmaklyga tarap iterjek bolýandyrlar diýdi.

bu hili hereketleriň garşysynda goşgylarda hikmet, çynlakaýlyk, tagalla we amalda tertip-düzgünli bolmak, endişede çuňlyk, kimligiňi berkitmek we duşmanyň garşysynda gaýym durmak ýaly meseleler ulaldylmalydyr diýip yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hamaneýi Hezretleri sözüne goşdylar.

31 Maý 2018, 18:42
Teswirler