• Hoşru:Orta Gündogar we Eýran baradaky Amerikanyň garaýyşy howplydyr

Birleşen Milletler Guramasyndaky Eýranyň mydamlyk wekili Amerika döwletiniň Orta Gündogar we Eýran baradaky garaýyşy gaty howplydyr diýdi.

Birleşen Milletler Guramasyndaky Eýranyň mydamlyk wekili Golamali Hoşru Truthdig web saýty bilen geçiren söhbetdeşliginde Orta Gündogarda Amerika gurnaýjylyk gudratyndan paýsyzdyr we hatda Yrakda,Owganystanda,Ýemende ýada Siriýada ýekeje obany hem dolandyryp başarýan däldir diýip nygtady.

Hoşru şeýle-de Waşington döwleti halkara möhüm ylalaşyklaryny şol sanda Alžir beýannamasyny we ýadro ylalaşygyny bozandyr diýip sözüne goşdy.

Birleşen Milletler Guramasyndaky Eýranyň mydamlyk wekili sözüniň dowamynda sebit we Eýran baradaky Amerikanyň alyp barýan syýasatlaryna yşarat edip Waşington diňe zor aýtmak,gadaganlyklary amala aşyrmak we başga ýurtlaryň içeri işlerine gatyşmak syýasatlary yzarlaýandyr elbetde bu syýasatlar sebitde şowsyzlyga uçrandyr we gaty hem howplydyrlar diýip nygtap geçdi.

 

Tag

12 Iýun 2018, 15:37
Teswirler