• Falahatpişe: Eýran bile Yragyň gatnaşyklary gowşamaz

Eýran mejlisiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Tehran-Bagdadyň gowy gatnaşyklaryna yşarat edip Eýran bilen Yragyň arasyndaky dostlyk we doganlyk mäkämdir diýdi.

Heşmatolla falahatpişe Tehranda Yragyň ilçisi bilen geçiren duşuşygynda iki ýurdyň syýasy, ykdysady we parlament gatnaşyklarynyň ösdürilmegi Yrak bilen Eýranyň milletlerinden aýry sebitde howpsuzlygyň we aramlygyň hem bähbidinedir diýip nygtady.

Falahatpişe şeýlew-de Eýran bilen Yragyň serhet geçelgeleriniň açylmagy iki ýurdyň serhet sebitlerinde ýerleşen ilatynyň işleriniň rowaçlanmagyna sebäp boljakdyr diýmek bilen iki ýurdyň arasyndaky serhet geçelgeleriň açylmagyny we köpeldilmegini isledi.

Yragyň Tehrandaky ilçisi Rajeh Saber Al-Muwsawi hem bi duşuşykda Yraga beren goldawlary babatly Eýrana minnetdarlygyny bildirip Tehran bilen gatnaşyklary ösdürmek Bagdadyň resmileriniň üns merkezindedir diýip yglan etdi.

Tag

08 Iýul 2018, 18:40
Teswirler