• Welaýati Moskwa sapar edýär

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işler boýunça maslahatçysy Ali Akbar Welaýatiniň çarşenbe güni Eýranyň daşary işler ministrliginiň resmilerinden bir topara ýolbaşçylyk edip Orsýetiň paýtagty Moskwa sapa etjekdigini yglan etdi.

Bahram gasemi Ali Akbar Welaýatiniň Moskwa gurnajak saparyny gaty möhüm hasaplap Welaýati  mertebesi belent ýolbaşçynyň we prezident  Ruhaniň sargydyny Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine ýetirmekçidir diýip habar berdi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi şeýle-de yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işler boýunça maslahatçysy Ali Akbar Welaýati Moskwa saparyny tamamlap pekine gitjekdir diýip sözüne goşdy.

Tag

10 Iýul 2018, 22:32
Teswirler