• Welaýati Orsýetiň prezidenti bilen duşuşdy

Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işler boýunça maslahatçysy Ali Akbar Welaýati mertebesi belent ýolbaçynyň we prezident Hasan Ruhaniň sargydyny Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine ýetirdi.

şu gün Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işler boýunça maslahatçysy Ali Akbar Welaýati Moskwanyň demirgazyk günbatarynda ýerleşen Nowo Agariýewa sebitinde Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň sözüni we prezident Hasan Ruhaniň hatyny Wladimir Putine ýetirdi.

Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işler boýunça maslahatçysy Ali Akbar Welaýati çarşenbe güni ýokary derejeli bir topara bolbaşçylyk edip Orsýetiň paýtagty Moskwa bardy.

Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işler boýunça maslahatçysy Ali Akbar Welaýati Moskwa baran badyna beren gürrüňlerinde Eýran bilen Orsýetiň möhüm we strategik gatnaşyklaryna yşarat edip geçen ýyllaryň boýunda Tehran bilen Moskwanyň ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara gatnaşyklary gowy ösendir diýip nygtady.

Siriýada terrorizme garşy göreşmek ugurdaky Eýran bilen Orsýetiň arkadaşlyklary iki ýurdyň hyzmatdaşlyklarynyň gowy mysalydyr diýip Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işler boýunça maslahatçysy Ali Akbar Welaýati sözüne goşdy.

12 Iýul 2018, 13:29
Teswirler