• Gasemi: Eýranyň raketa programmasy baradaky NATO-nyň howatyrlanmasy esassyzdyr

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili bahram Gasemi NATO guramasyna agza ýurtlaryň başlyklarynyň çykaran beýannamasynyň jogabynda Eýranyň programmasy baradaky NATO-nyň howatyrlanmasy Eýranyň raketa programasynyň goralmagynda we öüdürilmeginde täsiri bolmaz diýdi.

NATO-nyň düzümindäki ýurtlaryň başlyklary düýn Brýusselde geçiren maslahatynyň soňunda çykaran beýannamalarynda Eýranyň sebitleýin syýasatlary we raketa programmasy barada howatyrlanma bildirdiler.

Bahram gasemi halkara atom energiýasy agentliginiň Eýranyň ýadro işleri barada çykaran hasabatlaryndan habarly bolan NATO-nyň agzalary Amerikanyň resmilerini begendirmegiň ýerine öz agzalarynyň halkara ylalaşyklar şol sanda ýadro ylalaşygy baradaky ygrarsyzlygynyň aladasyny etmelidirler diýip nygtady.

Eýranyň raketa programmasy 2231-nji karar hata garşy däldir we kämil kanuny we goranyş esasyndadyr diýip Gasemi yglan etdi.

12 Iýul 2018, 21:37
Teswirler