• Larijani: Amerika nadanlarça diplomatiýany yzarlaýandyr

Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy Ali Larijani Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň Eýrana garşy twittine yşarat edip Amerika halkara derejesinde bir hili bidüzgünçiligi we diplomatik gatnaşyklarynda wagşyçylygy hemde nadanlarça diplomatiýany yzarlaýandyr diýdi.

geçen duşenbe güni Donald Tramp Eýranyň prezidenti Hasan Ruhaniň duýduryşlarynyň jogabynda özüni twitter sahypasynda hiç haçan Amerika garşy haýbat atmaň sebäbi onuň tawanyny berjeksiňiz diýip nygtady.

prezident Ruhani geçen ýekşenbe güni Eýranyň nebit eksportynyň öňüne geçeris diýip Amerikalylaryň toslamasynyň gaýtawulynda Amerikanyň prezidenti taryh boýunda sebitiň suw geçelgesininiň howpsuzlygyny Eýranyň üpjün edenligini bilip goýsyn siýmek bilen bir wagtda ýolbarsyň guýrugyna basmaň sebäbi Eýran oňa puşman ediji gaýtawuly berjekdir diýip yglan etdi.

şu gün Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy Ali Larijani mejlisiň açyk maslahatynda beren gürrüňlerinde Donald Trampyň puç gürrüňleri jogaba laýyk däldir diýdi.

Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy Ali Larijani şeýle-de Donald Tramp halkara derejesinde pysatçylyk bilen tanalýandyr diýip sözüne goşdy.

24 Iýul 2018, 21:40
Teswirler