• Gasemi: Amerika ynam edip bolmaz

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili bahram Gasemi Amerikanyň prezidentiniň Eýran bilen gepleşik geçirmäge taýýarlygyny yglan etmegine yşarat edip Amerikalylaryň Eýrana garşy ýola berip duran ruhy urşyna garamak bilen Amerikanyň resmilerine şol sanda prezidentine ynam edip bolmaz diýdi.

şu gün Bahram Gasemi ISNA habarlar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýran kuwwatly ýurtdyr we gepleşik geçirmekden gorkýan däldir diýmek bilen birtaraplaýyn şeklinde ýadro ylalaşygyndan çykan we öz ýaranlarynyň hemaýatyndan hem paýsyz galan tarap nähili bolup gepleşik geçirmegi teklip edýär diýip nygtady.

Gasemi sözüniň dowamynda Donald Trampyň Eýran bilen gepleşik geçirmek baradaky teklibi sebitiň käbir duşman ýurtlarynyň hemde sionist režimiň başlyklarynyň başyny çaşyrandyr we Amerikanyň ondan  maksady sionist režiminden we bu režim bilen ugurdaş ýurtlardan köprak pul almakdyr diýip beýan etdi.

Tag

07 Awgust 2018, 19:34
Teswirler