• Ruhani: duşman Eýrany ýeňmek baradaky arzuwsyny özi bilen göre äkitjekdirler

Eýranyň döwlet baştutany hasan Ruhani duşman Eýrana basyş berip ilatyň ýaşaýşynda kynçylyk döretjek bolýandyr diýmek bilen duşman Eýrany ýeňip başarmaz we bu arzuwsyny özi bilen gabyra äkitjekdir diýip nygtady.

şu gün prezident hasan Ruhani döwlet toparynyň maslahatynda beren gürrüňlerinde Eýranyň ilatydyr jogapkärleri arkadaşlyk edip duşmany şowsuzlyga uçratjakdyrlar diýmek bilen duşman nädogry basyşlar, bikanun hereketler bilen Eýranyň uly milletini ýeňip başarmaz diýip beýan etdi.

Ruhani şeýle-de Eýran bütindünýä bilen gatnaşykda we gepleşikdedir diýmek bilen  Amerikalylaryň Eýran bilen gepleşik geçirmek baradaky tekliplerine yşarat edip waşington döwleti eden işleri bilen gepleşikleriň şertlerini ýok edendir diýiop sözüne goşdy.

prezident Ruhani sözüniň dowamynda hazar ýakasynda ýerleşen ýurtlaryň başlyklarynyň Gazagystanda geçirenmaslahatyna yşarat edip bu maslahatda gol çekilen hazar deňiziniň hukuk derejesi boýunça konwensiýanyň möhüm tarapy bu deňiziň howpsuzlygy we durnuklylygydyr diýdi.

ruhani şeýle-de bu konwensiýa hazar deňizinde  huzurly  bolmak baradaky Amerikanyň we NATO guramasynyň mekirli hilelerini puja çykarandyr diýip sözüne goşdy.

Tag

15 Awgust 2018, 20:23
Teswirler