• Gasemi: Tramp köp garaýyşlara gabat gelip durandyr

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Amerikanyň prezidenti Donald Tramp ýeke özi islän işini edip başarmaz sebäbi dürli garaýyşly köp ýurtlara gabat gelip durandyr diýdi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi sözüniň dowamynda Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykmagyndan soňra Donald Tramp öňkiden-de beter çetleşendir sebäbi halkara bir ylalaşygy geňeşmezden we hatda birleşen milletler guramasynyň kararhatlaryna garamazdan bozandyr diýip nygtady.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi şeýle-de başga döwletleriň ylaýtada Ýewropa bileleşigine agza döwletler Donald Trampyň ýolbaşçylygyndaky döwletiň alyp barýan syýasatlaryny çäklendirip başarjakdyr we Trampy durmuşky dünýäniň ylaýtada Ortagündogaryň, Aziýanyň günbatarynyň hemde Eýranyň hakykatlary bilen köpräk tanyş etjekdirler diýip sözüne goşdy.

Tag

23 Awgust 2018, 21:15
Teswirler