• Ruhani: Amerika hiç bir ygrarynda durandäldir

Eýranyň döwlet baştutany hasan Ruhani Amerikanyň Tehrana garşy amala aşyran gadaganlyklaryna yşarat edip halkara bütin kanunlara garamazdan Eýrana gadaganlyklary töňkän Amerika döwleti hiç bir ygraryndan durýandäldir diýip nygtady.

şu gün prezident hasan Ruhani döwlet toparynyň agzalary bilen bilelikde mertebesi belent ýolbaşçy bilen geçiren duşuşygynda eden çykyşynda Amerikalylaryň maksady ykdysady basyşlardan ýokardadyr we olar ýene bir gezek Eýrana gaýdyp geljek bolýandyrlar we Eýranyň garaşsyzlygyny aýak aşaga salyp Eýran milletine agalyk etjek bolýandyrlar diýip beýan etdi.

emma Eýran milleti bu meseläni hergiz kabul etmez we öz çydamlylygy bilen ony dünýä ähline görkezendir diýip prezident Ruhani sözüne goşdy.

Ruhani şeýle-de Eýran milleti mertebesi belent ýolbaşçynyň ýol görkezmeleri arkaly duşmanlaryň mekirli hilelerini şowsuzlyga uçratjakdyr diýip sözüne goşdy.

Tag

29 Awgust 2018, 20:37
Teswirler