• Zarif:Siriýanyň gaýtadan abatlanmagy Eýranyň kompaniýalaryna gowy pursatdyr

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Siriýa bilen Yragyň gaýtadan abatlanmagy Eýranyň kompaniýalarynyň bu iki ýurtdaky proýektlere gatnaşmak üçin gowy pursatdyr diýdi.

mehre habarlar gullugynyň beren habaryna görä Muhammet Jawad Zarif habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde  Siriýa bilen Yragyň gaýtadan abatlanmagy Eýranyň kompaniýalarynyň bu iki ýurtdaky proýektlere gatnaşmak üçin hemde tehniki gulluklaryny eksport etmek üçin gowy pursatdyr diýdi.

Muhammet Jawad zarif Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň Siriýa baradaky twittine yşarat edip Amerikanyň içersinde Trampyň ýagdaýy gowydäldir we gynansakda onuň ýerini Siriýa ilatyna garşy harby hereket bilen doljak bolýandyr diýip nygtady.

Amerikalylar terrorizme garşy göreşmek barada özlerinden gowy yz galdyryp başarandäldir diýip Eýranyň daşary işler  ministri Muhammet Jawad Zarif sözüne goşdy.

05 Sentýabr 2018, 17:24
Teswirler