• prezident Ruhani Pakistanyň täze prezidentini gutlady

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Aref Al-Rahman Alawi-niň Pakistanyň täze prezidenti wezipesine saýlanmagyny gutlady.

prezident Hasan Ruhani şeýle-de Eýran bilen Pakistanyň ýokary derejeli resmileriniň yradasynyň netijesinde iki ýurdyň gatnaşyklarynyň ýygjamlaşmagyny umyt etdi.

Eýran yslam respublikasy hemişekiler ýaly ylaýtada täze döwürde pakistan bilen gowy gatnaşyklaryny ösdürmäge taýýardyr diýip Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani aýtdy.

soňky wagtlarda pakistanda geçirlen saýlawlarda ýeňiş gazanan tahrik Insaf partiýasynyň kandidaty Aref Al-Rahman Alawi geçen sişenbe güni bu ýurdyň milli we Sena mejlisleriniň hemde welaýatlar mejlisiniň deputatlary tarapyndan prezidenti wezipesine saýlandy.

Tag

06 Sentýabr 2018, 21:17
Teswirler