• Ruhani:Eýranyň asly duşmanlary Amerika we Sionist režimidir

Eýranyň dowlet baş tutany Hasan Ruhani bu günki gün Amerika,Sionist režimi we olara eýerýän döwletlerden başga Eýranyň duşmany ýokdyr diýmek bilen Eýran Yslam Respublikasy jebislik we ýürekdeşlik bilen duşmanlara üstem çykjakdyr diýip yglan etdi.

şu prezident Ruhani Tehranda şehit Rajaiň adyny göterýän milli baýramçylygyň 14-nji nobatynda eden çykyşynda Eýran hiç haçan Amerikanyň basyşlaryna boýun bolmaz diýmek bilen Eýran milleti öz edýän işlerini bilmeýän Ak-Tamyň täze häkimleriniň berýän basyşlaryndan gorkmaz diýip nygtady.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani sözüniň dowamynda Ak-Tamda ýerleşen täze topar diňe Eýran Yslam Respublikasyna dälde eýsem öz gadymy ýaranlaryna hem garşy durandyr diýip beýan etdi.

Amerikalylar bir tarapdan Eýrana basyş berýärler we ol bir tarapdan gepleşik geçirmek barada Eýrana sargyt ýollaýarlar diýip prezident Ruhani sözüne goşdy.

prezident Ruhani şeýle-de Amerikalylar iki ýüzli amal edýändirler we bu günki gün asly uruş ykdysady we propaganda uruşydyr diýip nygtap geçdi.

Amerikanyň prezidenti Donald Tramp 2018-nji ýylyň 8-nji Maýnda ýadro ylalaşygyndan çykandan soň Eýrana basyş bermegiň ugurna çykdy emma Ýewropa Bileleşigi, Orsýet,Türkiýe we dünýäniň aglaba ýurtlary Amerikanyň bu hereketine garşy çykandyrlar.

08 Sentýabr 2018, 16:41
Teswirler