• mertebesi belent ýolbaşçy: Siriýa meselesinde Amerikanyň şowsuzlyga uçramagy Amerikany kontrol edip bolýanlygyny mälim etdi

rdogan bilen Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri öten agşam Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren duşuşygynda Eýran bilen Orsýetiň Siriýadaky hyzmatdaşlyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gowy mysalydyr diýdiler.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda Eýran bilen Orsýet bütindünýä meselelerinde hem hyzmatdaşlyk edip biljekdirler diýmek bilen iki tarapyň hyzmatdaşlyk edip biljek meseleleriniň birisi Amerikany kontrol etmekdir sebäbi Waşington umum adamzat üçin howpdyr  we ony kontrol etmek hem mümkindir diýip nygtadylar.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri Siriýa özgerişlerini Amerikanyň kontrol edilmeginiň ýeňişli mysaly hasaplamak bilen Amerikalylar Siriýada hakyky şoesuzlyga gabat gelendirler we öz maksatlaryna ýetip  başarandäldirler diýip beýan etdiler.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri Amerikanyň Eýran, Orsýet we türkiýe ýurtlaryna garşy amala aşyran gadaganlyklaryny hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegi üçin oňat pursat hasaplamak bilen Eýran we Orsýet syýasy we ykdysady hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek bilen bir wagtda Tehranda hasyl bolan ylalaşyklary çynlakaýlyk bilen yzarlamalydyrlar diýip nygtadylar.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri sözüniň ýene bir bölüminde şu wagta çenli Eýran ýadro ylalaşygy baradaky ygrarynda durandyr emma Ýewropalylar öz borçlaryna amal edendäldirler we bu mesele kabuledeliklidäldir diýip beýan etdiler.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri şeýle-de Eýran yslam respublikasy ýadro ylalaşygy barada ýurdyň we milletiň bähbidine boljak pozisiýasyny ileri sürjekdir diýip sözüne goşdylar.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda Amerikalylar 40 ýyl bäri Eýran yslam respublikasynyň kökini gyrjak bolup tagalla edip gelýändirler emma bu möhletiň içinde 40 esse ösendiris we Eýran yslam respublikasynyň çydamlylygy we ýeňişleri Amerikanyň kontrol edilmegini ýene bir üstünlikli mysalydyr diýip beýan etdiler.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri Türkiýäniň prezidenti rejep Taýyp Ärdogany hem kabul etdiler.

08 Sentýabr 2018, 18:25
Teswirler