• Yragyň ilçisi Eýranyň daşary işler ministrligine çagyryldy

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram gasemi Eýranyň Basradaky lonsulçylygyna hüjüm edilmeginden soňra Yragyň Tehrandaky ilçisiniň Eýranyň daşary işler ministrligine çagyrlanlygyny habar berdi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram gasemi sözüniň dowamynda öjükdirlen adamlaryň Yragyň Basre şäherindäki Eýranyň konsullygyny otlamagyndan soňra öten agşam Yragyň Tehrandaky ilçisi Eýranyň daşary işler ministrligine çagyryldy we Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň goýberen kemçilikleri babatly Tehraniň gaty nägilelikligi Bagdad döwletine yglan edildi diýip nygtady.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram gasemi sözüniň dowamynda bu duşuşykda Eýranyň daşary işler ministrliginiň Pars Aýlagy boýunça başmüdiri basräniň polisiýa güýçleriniň hereketsiz durmagy babatly geň galanlygyny beýan etmek bilen bir wagtda soňky günlerde Eýranyň Basradaky konsulçylygyna garşy şüpheli hereketlere garamazdan Yrak döwleti Diplomatik kanallary arkaly beren wadasynda tapylmany öz borjyna amal edendäldir diýip beýan etdi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram gasemi şeýle-de bu duşuşykda Yragyň ilçisinden tizlik bilen Tehran döwletiniň gaty nägileligini Bagdad döwletine ýetirmegi hemde Eýranyň Basradaky konsulçylygyna hüjüm edenleriň tutulyp jezalandyrylmagyny Eýranyň isleýänligini yglan etmegi islenendir diýip sözüne goşdy.

08 Sentýabr 2018, 18:38
Teswirler