• prezident Ruhani:Amerika dünýä derejesinde iň erbet ýagdaýnda durandyr

Eýranyň döwlet baş tutany Hasan Ruhani sebitiň bir näçe ýurdyndan başga hiç kim Amerikanyň ýanynda däldir diýmek bilen durmuşky ýagdaýda Amerika dünýä derejesinde iň erbet ýagdaýnda durandyr diýip nygtady.

şu gün prezident Hasan Ruhani döwlet toparynyň maslahatynda eden çykyşynda bu günki gün Amerikanyň ýaranlary bu ýurdyň ýanynda däldirler we hatda Amerikanyň gadymy ýaranlary hem ondan aralaryny açandyrlar diýdi.

Ruhani sözüniň dowamynda halkara guramalar şol sanda Birleşen Milletler Guramasy,UNESCO guramasy,halkara atom energiýasy guramasy we halkara adalatçylyk sudy hem Amerikanyň syýasatlaryna garşydyrlar diýip beýan etdi.

Eýranyň döwlet baş tutany Hasan Ruhani şeýle-de Amerikanyň içeriki ýagdaýy öňkilerden gaty parh edendir we Amerika taryhynyň iň erbet ýagdaýnda durandyr diýip nygtady.

Ruhani şeýle-de durmuşda Eýran taryhyň basyp alyjylarynyň garşysynda açyk uruşa girişendir diýmek bilen bu uruşda Eýranyň milletiniň ýeňiş gazanjakdygyna şek şübhe ýokdyr diýip nygtady.

Tag

12 Sentýabr 2018, 16:48
Teswirler