• Eýran bilen Pakistanyň goranyş hyzmatdaşlyklary sebitiň howpsyzlygynyň bähbidinedir

Eýranyň goranmak ministri Pakistanyň goranmak ministri bilen geçiren telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde iki ýurdyň ykdysady,söwda we goranmak ugurlardaky başarnyklaryna yşarat edip bu başarnyklaryň işe alynmagy sebitiň durnuklylygyna we parahatçylygyna ýardam etjekdir diýdi.

şu gün sertip Amir Hatami Pakistanyň täze goranmak ministri Parwizhan Hattak bilen geçiren bu söhbetdeşliginde Pakistanyň parlament saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegini gutlamak bilen bir wagtda Pakistanda täze döwletiň iş başyna gelmegi we iki ýurdyň syýasy ýolbaşçylarynyň yradalary bilen Eýran bilen Pakistanyň gatnaşyklarynyň barha ösmegini umyt etdi.

Eýranyň goranmak ministri şeýle-de Yslam dünýäsinde möhüm ýurt höküminde Pakistanyň oňyn rolyna yşarat edip sebitdäki we Yslam dünýäsindäki dartgynlylyklaryň we uruşlaryň harby çykalgalarynyň ýoklygyny eýsem bu dartgynlylyklaryň syýasy we diplomatik ýollar arkaly çözülmelidigini nygtady.

Pakistanyň goranmak ministri Parwizhan Hattak hem bu söhbetdeşlikde Eýran bilen Pakistanyň gatnaşyklarynyň möhümdigine salgylanyp bu gatnaşyklaryň ösdürilmegini umyt etdi.

12 Sentýabr 2018, 17:08
Teswirler