• Larijani: yslam dünýäsiniň birleşigi zerurdyr

Eýranyň mejlis başlygy Ali larijani musulmanlaryň arasynda agzalalyk döretmek ugurdaky duşmanlaryň pitnelerine yşarat edip yslam dünýäsiniň syýasy we mezhebi akymlarynyň birleşmekleriniň zerurlygyny nygtady.

Ali larijani Eýranyň Fars welaýatynyň larestan etrabynyň sünni we şaý ulamalary bilen geçiren duşuşygynda beren gürrüňlerinde bu günki gün birleşige baryp çatýan ugurlar üns merkeze alynmalydyr diiýp nygtady.

Ali larijani sözüniň dowamynda Amerikanyň prezidenti halkara düzgünini bozandyr diýmek bilen Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykmagyndan soňra Ýewropanyň başlyklary Eýranda tizlik bilen  Amerikanyň bu hereketine gaýtawul bermezligini isländirler we şol bir wagtda ýadro ylalaşygynyň ykdysady bähbitlerinden Eýranyň peýdalanyp bilmegine şert döretjekdiklerini yglan etdiler diýdi.

Eýranyň mejlis başlygy Ali larijani Eýranyň goranyş başarnygyna yşarat edip  Eýrana töňkelen 8 ýyllyk uruşyň boýunda hiç bir ýurt ýarag satmady we Eýran hem raketa öndürmäge ýüzlendi we bu günki gün raketa Eýranyň kuwwatlylygyna dönendir diýip nygtady.

12 Sentýabr 2018, 20:44
Teswirler