• Falahat Pişe: Eýran bilen merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşyklarynyň ýüzi ösüşe tarapdyr

Eýran mejlisiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasat komisiýasynyň başlygy heşmatolla falahat Pişe geçen 30 ýylyň boýunda Eýran bilen merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşyklarynyň ýüzi ösüşe tarap bolandyr diýdi.

şu gün Eýran mejlisiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasat komisiýasynyň başlygy heşmatolla falahat Pişe Tehranda Gyrgyzystan, Özbegistan, täjigistan we türkmenistan ýurtlarynyň ilçileri bilen geçiren duşuşygynda Eýran bilen merkezi aziýa milletleriniň taryhy we medeni baglanşyklaryna garamak bilen Eýran Yslam respublikasy daşary syýasatynda merkezi aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklaryny ösdürmegi üns merkezine alandyr diýip yglan etdi.

Eýran mejlisiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasat komisiýasynyň başlygy heşmatolla falahat Pişe şeýle-de Eýran bilen merkezi aziýa ýurtlarynyň parlament dostlyk toparlarynyň gurlanlygyna yşarat edip Eýranyň mejlisi merkezi aziýa ýurtlaryň parlamentleri bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklary ugurdaky böwetleri aradan aýyrmaga taýýardyr diýip sözüne goşdy.

Gyrgyzystan, Özbegistan, täjigistan we türkmenistan ýurtlarynyň ilçileri hem Eýran mejlisiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasat komisiýasynyň başlygy heşmatolla falahat Pişe bilen geçiren duşuşyklarynda sebit ýurtlarynyň arasynda syýasy ynamyň ýokarlananlygyna yşarat edip parahatçylyk we durnuklylyk dogrysynda merkezi aziýa ýurtlary bilen Eýranyň gatnaşyklarynyň ösmegini umyt etdiler.

12 Sentýabr 2018, 21:25
Teswirler