• Ali Larijani Yragyň täze parlament başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani Yragyň wekiller mejlisiniň täze başlygy Muhammet Rikan Al-Halbusi bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup ony täze wezipesi bilen gutlady.

şu gün Ali larijani Muhammet Rikan Al-halbusi bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Yragyň mejlis wekilleriniň hümmeti bilen bu ýurdyň syýasy akymynyň kämilleşmegini we Yragyň täze prezidentiniň we premýer ministrniň saýlanmagyny umyt etdi.

Larijani şeýle-de Yrakda syýasy, ykdysady we sosial ýagaýyň durnuklaşmagyny arzuw etdi.

Ali larijani sözüniň dowamynda durmuşky ýiti ýagdaýda Yragyň täze mejlis başlygynyň ýörite eýedigini aýdyp Eýran Yslam respublikasy mydama Yrak döwletiniň we milletiniň bagtyýarlygyny we başýokarlygyny isleýändir diýip nygtady.

Yragyň wekiller mejlisiniň täze başlygy Muhammet Rikan Al-Halbusi hem bu söhbetdeşlikde Yrak milleti we döwleti Eýran Yslam respublikasyna minnetdardy sebäbi terrorizme garşy göreşmek ugurda Eýran Yraga kän kömek edendir diýip nygtap geçdi.

Tag

16 Sentýabr 2018, 20:49
Teswirler