• Zangane:OPEC-de Eýranyň milli bähbitlerine garşy her hili tutumy weto etjekdiris

Eýranyň nebit ministri Bižan Zangane nebiti eksport edýän ýurtlar guramasy ýene bir ybaratda OPEC guramasynda Eýranyň milli bähbitlerine garşy her hili tutumy weto etjekdiris diýip yglan etdi.

Eýranyň nebit ministri Bižan Zangane 23-njy sentýabrda Alžir-de geçiriljek OPEC-e  Agza we agza bolmadyk ýurtlaryň nebit önümini azaltmak ylalaşygyna gözegçilik edýän bilelikdäki ministrlik komitetiniň maslahatynyň öňüsyrasynda  Plats instituty we Blumberg habarlar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde bu mowzug hemde Amerikanyň Eýranyň nebit senagatyna garşy amala aşyran gadaganlyklary baradaky Eýranyň pozisiýasyny yglan etdi.

Eýranyň nebit ministri Bižan Zangane şeýle-de bu momitetiň nebiti eksport edýän ýurtlar guramasynyň syýasatlary barada tutum tutmaga haky ýokdyr diýip sözüne goşdy.

20 Sentýabr 2018, 20:43
Teswirler