• Ruhani: Eýran milleti ýene bir gezek duşmanlary näumyt etjekdir

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Eýran millet hemişekiler ýaly duşmanlary näumyt edýändir diýmek bilen bu günki gün gaýybana uruş ýokdyr belkide Amerika göni tärde Eýran milletiniň garşysynda durandyr we ygrarsyzlygyny başlandyr diýip nygtady.

şu gün prezident Hasan Ruhani Tehranda Eýranyň ýaragly güýçleriniň ýöriş dabarasynda beren gürrüňlerinde ýadro ylalaşygyndan çykmak baradaky Amerikanyň ygrarsyzlygyna yşarat edip Donald Tramp görme-göze ýadro ylalaşygyndan çykandyr emma onuň asly maksady Eýranyň yslam ynkylabynya urgy urmakdyr diýip beýan etdi.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani sözüniň dowamynda Amerikanyň Eýrana garşy amala aşyran ykdysady uruşyna yşarat edip dünýä ähli durmuşda Amerikanyň bu hereketini ýazgaryp durandyr we buykdysady- ruhy we syýasy  uruşyň ahyrynda ýeňilişe sezewar boljak tarapyň Amerika boljakdygyna şek-şübhe ýokdyr diiýp nygtady.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani şeýle-de Eýran milleti Yrak,Siriýa we Liwan milletleriniň ýüreklerinde urun tapandyr diýmek bilen Eýran milleti goranyş we raketa başarjaňlyklaryndan yza çekilmez belkide günbe-günden şu ugurdaky kuwwatlylygyny artdyrar diiýp yglan etdi.

 

Tag

22 Sentýabr 2018, 12:48
Teswirler