• serdar Şarif: Ahwazdaky terrorçylykly hüjümi Al-Ahwaziýe hereketi öz üstüne alandyr

Eýranyň Sepah Pasdaranynyň metbugat wekili serdar Ramazan Şarif Eýranyň Huzestan welaýatynyň merkezi Ahwaz şaherinde ýaragly güýçleriň ýöriş ýäresiniň gidişinde terrorçylykly hüjümi amala aşyran Al-Ahwaziýe hereketine bagly adamlardyr diýip yglan etdi.

Huzestan welaýatynyň merkezi Ahwaz şaherinde ýaragly güýçleriň ýöriş ýäresiniň gidişinde terrorçylykly hüjümi amala aşyran Al-Ahwaziýe hereketi Arabystanyň hemaýaty astyndadyr we bu hüjüm Eýranyň ýaragly güçleriniň ululygyna şikes ýetirmek maksady bilen amala aşyrlandyr diýip Eýranyň Sepah Pasdaranynyň metbugat wekili serdar Ramazan Şarif sözüne goşdy.

Eýranyň Sepah Pasdaranynyň metbugat wekili serdar Ramazan Şarif şeýle-de bu hadysada 9 adam şehit we 21 adam hem ýaraly boldy diýip yglan etdi.

22 Sentýabr 2018, 13:19
Teswirler