• Ruhani: Amerika Eýranda durnuksyzlyk döretjek bolýar

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Ahwaz şäherinde ýüze çykan terrorçylykly hüjüm barada gynanjyny beýan etme bilen bir wagtda Amerika Eýranda durnuksyzlyk döretjek bolýar diýip nygtady.

şu gün Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani birleşen milletler Guramasynyň umumy ýygnagynyň maslahatyna gatnaşmak üçin Nýu-ýorka ugramazdan öňürti habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Eýran Yslam resbublikasy Ahwaz şäherinde terrorçylykly hüjüme baş goşanlaryň kimdigini bilýändir diýmek bilen Eýran bu jenaýatdan geçmez we terrorçylara berk gaýtawul berjekdir diýip yglan etdi.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Ahwazda ýüze çykan terrorçylykly hüjüm Eýran milletiniň yradasyna täsir goýup başarmaz diýmek bilen adam hukukyndan arka çykan bolýanlar bu jenaýat barada jogap bermelidirler diýip nygtady.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani birleşen milletler Guramasynyň umumy ýygnagynyň maslahatyna hem yşarat edip bu maslahat sebit we halkara derejesindäki garaýyşlaryny beýan etmäge Eýran üçin gowy pusatdyr diýip sözüne goşdy.

 

Tag

23 Sentýabr 2018, 19:05
Teswirler