• Ruhani:Amerika döwleti halkara ylalaşyklary aýak aşaga salmak bilen şowsyzlyga uçrandyr

Eýranyň döwlet baş tutany Hasan Ruhani Amerika döwleti halkara borçlaryndan dänmegi bilen hukuky we syýasy taýdan şowsyzlyga uçrandyr diýip nygtady.

şu gün prezident Hasan Ruhani Eýranda ýokary okuw jaýlaryň täze okuw ýylynyň başlangyç dabarasynda eden çykyşynda Ak-Tamyň resmileriniň Eýrana garşy syýasatlarynyň maksatlaryna yşarat edip Amerikalylar yslam häkimiýetini kanunylykdan gaçyrmak niýeti bilen ilki bada ruhy uruşy bilen başladylar we onuň dowamynda ykdysady uruşa girişdiler diýdi.

prezident Ruhani sözüniň dowamynda Eýran milleti agzybirlik bilen duşmanlaryň bütin mekirli hilelerini başdan geçirjekdir diýmek bilen Amerikanyň prezidenti Donald Tramp Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsyzlyk Geňeşiniň döwürleýin başlygy wezipesinden Eýrana urgy urmak ugurda we şu ugurda başga ýurtlaryň hemaýatlaryny gazanmak üçin haýyrlandy emma bu geňeşiň başga 14 agzasynyň hemmesi ýadro ylalaşygyny goldadylar diýip beýan etdi.

Ruhani şeýle-de Amerika taryhynda durmuşky döwleti ýaly Eýrana garşy duşmançylyk eden döwlet ýokdyr diýmek bilen Donald Tramp BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşiniň tassyklamalaryna garamazdan näçe taraplaýyn ýadro ylalaşygyndan çykandyr diýip nygtap geçdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň syýasy taýdan bu dawanyň ýeňiji boljakdygyna şek-şübhe ýokdyr diýip prezident Hasan Ruhani sözüne goşdy.

Tag

14 Oktýabr 2018, 18:47
Teswirler