• Zangane:Amerika nebitiň bahasynyň aşak gaçmagyny isleýän bolsa gadaganlyklary aýyrsyn

Eýranyň nebit ministri Bižan Namdar Zangane egerde Amerika döwleti Eýrana garşy gadaganlyklary aýyrsa nebitiň bahasy aşak gaçyp nebit bazary deň agramsyzlykdan halas boljakdyr diýdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,şu gün Eýranyň nebit ministri Bižan Namdar Zangane nebit we energiýa boýunça 4-nji kongresiň ýanynda habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Amerikanyň prezidenti Donald Tramp zor aýdyp nebitiň bahasyny aşak gaçyryp başar mukam diýip güman edýär diýmek bilen nebit bazarynyň durnuksyzlygy Amerikanyň hereketleriniň netijesidir diýip nygtady.

Zangene sözüniň dowamynda hiç bir ýurt artykmaç nebit öndürmegi başarýan däldir we nebit bazarynyň durmuşky ýagdaýy dogyrlanmaz sebäbi işöwürleriň pikiriçe nebit bazary kemçilige gabat gelip durandyr diýip beýan etdi.

bütin dünýä nebit bazarynyň kemçiliginiň ýerini doldurmak üçin Saud Arabystan özüniň süýşürip goýan nebitinden haýyrlanyp durandyr we bu ýörelgäni haçana çenli dowam edip biljekdigi belli däldir diýip sözüne goşdy.

Tag

16 Oktýabr 2018, 17:37
Teswirler