• Larijani:Eýrana basyş bermek baradaky Amerikalylaryň syýasaty şowyna bolan däldir

Eýranyň yslam şura mejlisiniň başlygy Ali Larijani Amerika döwleti Eýrana basyş bermek bilen ýurdyň içeriki ýagdaýyny bozmaklygy ýadyna alýardy emma Waşingtonyň bu syýasaty başa baran däldir diýdi.

Ali Larijani sözüniň dowamynda yslam ynkylabynyň ýeňişe ýetmeginden soňra Eýran ýörite we öz boluşly şertlere eýe bolandyr diýmek bilen Eýran Yslam Respublikasy diplomatiýa bilen bir wagtda Amerikanyň gadaganlyklarynyň garşysynda içeriki mümkinçiliklerinden haýyrlanmaklygy hem nazara alandyr diýip nygtady.

Eýranyň yslam şura mejlisiniň başlygy Ali Larijani şeýle-de goňşy ýurtlary bilen Eýranyň edýän hyzmatdaşlyklaryna hem yşarat edip Tehran döwleti goňşy döwletleriň aglabasy bilen ykdysady gatnaşyklary berkarar edendir diýip beýan etdi.

Amerikanyň Eýrana garşy amala aşyran gadaganlyklaryna garamazdan dünýä ýurtlarynyň köpüsi Eýran bilen gatnaşyklaryny ösdürmegi isleýändirler.

Tag

07 Noýabr 2018, 16:36
Teswirler