• Zangane:nebiti sarp edijiler agyr günlere gabat geljekdirler

Eýranyň nebit ministri Bižan Namdar Zangane Amerikanyň Eýranyň nebit müşderilerine beren ýeňillikleri talaba laýyk däldir diýmek bilen geljek aýlarda nebit sarp edijiler üçin dertli aýlar boljakdyr diýip nygtady.

Bižan Namdar Zangane Şana habarlar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň we sebitde nebit öndürýän käbir ýurtlaryň boş ýaňramaklaryna garamazdan ahyrda Waşington döwleti bütin dünýä nebit bazarynyň nebit kemçiligine gabat gelip duranlygyny we Eýrany nebit bazaryndan aýyryp bolmajakdygyny ykrar etdi diýdi.

Eýranyň nebit ministri Bižan Namdar Zangane sözüniň dowamynda Waşington döwleti bütin dünýä nebit bazarynyň nebit kemçiligine gabat gelip duranlygyna garamak bilen nebit sarp edijilere abanyp duran basyşlary azaltmak hemde nebit bazarynda teklip bilen talabyň arasynda deň agramlylyk döretmek maksady bilen Eýrandan nebit satyn almak üçin käbir ýurtlara rugsat berdi emma bu ýeňillikler ýeterlik däldir diýip nygtady.

Amerikanyň hazynadarlyk ministrligi Eýrana garşy gadaganlyklaryň başlanmagy bilen bir wagtda 8 ýurda şol sanda Günorta Koreýa,Ýaponiýa we Italiýa ýurtlaryna Eýrandan nebit satyn almaklaryna dowam bermäge rugsat berendir.

Tag

07 Noýabr 2018, 17:15
Teswirler