• Seddigi:dünýäde Amerikanyň gudraty synyp barýandyr

Tehranyň Juma namazynyň hatýby Hojjatol yslam Kazem Seddigi dünýä derejesinde Amerikanyň gudraty synyp barýandyr we dünýä milletleriniň Amerika baradaky ýygrençligi hem artyp barýandyr diýdi.

şu gün Hojjatol yslam Kazem Seddigi Tehranyň juma namazynyň hutbalarynda Amerikanyň Tehrandaky içalylyk merkezi bolan ilçihanasynyň kontrol astyna alynmagynyň ýyllygy bolan 13-nji Aban gününiň ýol ýörüşlerine yşarat edip dünýäde birinji gezek üçin Amerikanyň haýbatyny döwüp ony kiçelden Eýranyň yslam ynkylabydyr diýdi.

Tehranyň wagtlaýyn juma ymamy sözüniň dowamynda geçen 40 ýylyň boýunda Amerika döwletiniň Eýran milletine garşy amala aşyran gadaganlyklaryna we pitnelerine yşarat edip bu gadaganlyklar köp ugurlarda şol sanda ykdysady,ylmy,harby we syýasy ugurlarda Eýranyň garaşsyzlygyna we sebite aralaşyp bilmegine sebäp bolandyr diýip nygtady.

Kazem Seddigi şeýle-de geçen 40 ýylyň dowamynda Eýran milletiniň garşysynda Amerika mydama şowsyzlyga uçrandyr diýmek bilen Amerikalylaryň Eýrana garşy wagyz işleriniň täsiri ýokdyr we durmuşky ýagdaýda dünýä derejesinde Amerika bildirilýän ýygrençlikler artyp barýandyr diýip nygtady.

Tehranyň Juma namazynyň hatýby sözüniň ýene bir bölüminde Bahreýniň Al-Wefak jemgyýetiniň baş sekretary Şih Ali Salmana garşy bu ýurdyň sudynyň çykaran hökümini ýazgaryp bu tutum Al-Halypa režimi üçin ýene bir gara sahypa bolandyr diýip beýan etdi.

Hojjatol yslam Kazem Seddigi şeýle-de Ýemen halkynyň gyrana berilmeginiň garşysynda halkara köpçüliginiň parhsyz oturmagyny tankyt etdi.

Tag

09 Noýabr 2018, 17:23
Teswirler