• Zarif:Amerikanyň gadaganlyklary Howpsyzlyk Geňeşiniň 2231-nji karar hatyna garşydyr

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Amerikanyň Eýrana garşy amala aşyrýan gadaganlyklary Birleşen Milletler Guramanyň Howpsyzlyk Geňeşiniň 2231-nji karar hatyna garşydyr diýip yglan etdi.

Eyranyň tele radio habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Muhammet Jawad Zarif Twitter sahypasynda Amerikanyň Eýrana garşy ýaňadan amala aşyran bütin gadaganlyklary 2231-nji karar hatyna garşydyr diýmek bilen bir wagtda ilaty aç saklamak barada tutum tutmak umum adamzada garşy jenaýat hasaplanýandyr diýip nygtady.

Zarif sözüniň dowamynda halkara adalatçylyk sudyň soňky wagtlarda ynsanperwer harytlaryň gadaganlyklara goşulmazlygy baradaky Amerikanyň daşary işler ministri Mike Pompeonyň aýdan gürrüňlerini ret edendir diýmek bilen günbataryň hakykatlary beýan edýän habar serişdeleri hemde olaryň esaslanýan senetleri kimiň ýalan aýtýanlygyny belli edýändir diýip nygtady.

Amerikanyň daşary işler ministri Mike Pompeo baýak BBС tele ýaýlymy bilen geçiren kemsidiji bir söhbetdeşliginde Eýran eger ilaty açlyk çekmejek bolsa Amerikanyň sözüne golak assyn diýip yglan edipdi.

13 Noýabr 2018, 17:10
Teswirler