• Şamhani: Eýran bilen Yragyň arasyny degişdirmek baradaky Amerikanyň pitnesi başa barmaz

Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani Eýran bilen Yragyň arasyny degişdirmek ugurdaky Amerika we sebiti8ň käbir döwletleriniň dürli pitneleri şowsyz bolandyr diýdi.

şu gün Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani Tehranda Yragyň prezidenti Barham Saleh bilen geçiren duşuşygynda sebitdäki galan terrorçylardan peýdalanmak ugurdaky Amerikanyň tagallalaryna yşarat edip terrorizmden bir abzal höküminde haýyrlanmak baradaky Amerikanyň strategiýasynyň şowsuzlyga uçrap duran mahaly Waşington döwleti garaşsyz döwletlere garşy göni basyşlary ýola bermek syýasaty yzarlaýandyr diýip nygtady.

Eýranyň üýtgemez syýasaty Yrak milletiniň yradasyny goldamakdyr diýip Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani sözzüne goşdy.

Yragyň prezidenti barham Saleh hem bu duşuşykda bu ýurdyň döwletidir milletine beren goldawlary babatly  Eýrana minnetdarlygyny bildirmek bilen Bagdad döwleti sebitiň howpsuzlygyna garşy bolan hereketleriň garşysynda berk durjakdyr diýip yglan etdi.

Tag

17 Noýabr 2018, 21:33
Teswirler