• mertebesi belent ýolbaşçysy Yragyň prezidentini kabul etdiler

şu gün Eýranyň yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi hezretleri Yragyň prezidenti Barham Saleh we onuň ýolbaşçylygyndaky topar bilen geçiren duşuşygynda kynçylyklara we duşmançylyklara garşy göreşmek Yrakda milli birleşigiň goralmagy, dost we duşmany tanamak, duşmanyň garşysynda durmak, ýaşlara daýanmak we merjegyýet bilen aragatnaşygy goramak we pugtalandyrmak arkaly miýesser boljakdyr diýdiler.

 Eýranyň yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi hezretleri sözüniň dowamynda Yrakda parlament saýlawlaryň üstünlikli geçirlenligi babatly we bu ýurdyň prezidentiniň we premýer ministrniň hemde başga resmileriniň saýlanmagy babatly hoşallygyny beýan edip imperializm döwranlaryndan soňra garaşsyzlyga we saýlawçylyga eýe bolan Yrak milleti duşmanlaryň mekirli hilelerine gabat gelip durandyr diýip nygtadylar.

şu gün Eýranyň yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi hezretleri şeýle-de duşmanlar üstünligiň tagamyny Yrak milletine dadyrmajak bolýarlar we yragyň aramlygyň ýüzini görmezligi isleýärler diýip beýan etdiler.

şu gün Eýranyň yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi hezretleri pitnelere garşy göreşmegiň ýekeje ýoly Yrakly toparlaryň şol sanda araplaryň , kürtleriň hemde şygadyr sünnileriň arasynda agzybirligi goramakdyr diýip nygtadylar.

şu gün Eýranyň yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi hezretleri sözüniň dowamynda dost bilen duşmany tanamaklygy daşary syýasatda gaty möhüm mesele hasaplamak bilen sebitdäki we ondan daşardaky käbir döwletler yslam, şyga we sünniýe garşydyrlar we Yragyň içeri işlerine gatyşýarlar oňa görä olaryň öňünde berk durulmalydyr we şu ugurda gowşaklyk görkezilmeli däldir diýip nygtap geçdiler.

Tag

17 Noýabr 2018, 21:47
Teswirler