• Gasemi:Ýewropa Bileleşigi herne basymrak ýadro ylalaşygy baradaky borçlaryna amal etsin

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Ýewropa Bileleşigi ýadro ylalaşygyny goramak ugurda nazara alýan ýörite maliýe sistemany herne basymrak amala aşyrmalydyr diýdi.

şu gün Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasem habarçylaryň arasynda eden çykyşynda ýadro ylalaşygynda galan ýurtlar bu halkara ylalaşyk barada ygrarlarynda durandyrlar oňa görä Eýran hem herne basymrak gerek mehanizmleriň taýýarlanylmagyna garaşýandyr diýip nygtady.

Gasemi sözüniň dowamynda Eýran bilen ýörite sistemany berkarar etmek ugurda Ýewropalylaryň gowşak durmagyny tankyt edip ýadro ylalaşygyň başga taraplary öz ygrarynda durup başarmaýan bolsalar Eýran öz abzallaryndan haýyrlanjakdyr we hiç kime garaşyp durmaz diýip yglan etdi.

Eýran Yslam Respublikasy öz maksatlaryna we ykdysady strategiýalaryna ýetmek üçin bütin mümkinçiliklerinden haýyrlanjakdyr diýip Bahram Gasemi sözüne goşdy.

Tag

19 Noýabr 2018, 20:58
Teswirler