• ýadro ylalaşygy baradaky ýewropanyň keýeňlik etmegini Eýran gaty tankyt etdi

Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani ýadro ylalaşygyň bozulmagy Amerika tarapyndan Ýewropanyň abraýnyň we syýasy ornynyň aýak aşaga salynmagy manysyndadyr diýdi.

şu gün Ali Şamhani Tehranda Iňlisiň daşary işler ministri jeremy Hunt bilen geçiren duşuşygynda Eýran ýadro ylalaşygyň başga taraplarynyň keýeňliklerine we goýberýän kemçiliklerine garamak bilen Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykmagyndan soňra milli bähbitleri we jogapkärçilikleri esasynda amal etjekdir diýip yglan etdi.

Şamhani sözüniň dowamynda yzygiderli terrorizme garşy göreşmekde Eýranyň çynlakaý yrada gulluk edýänligini aýtmak bilen terrorizme garşy göreşmekde Eýranyň syýasy we amaly hereketleri we bu ugurda beren şehitleri bolman bolsady bu günki gün DAEŞ topary Yrak bilen Siriýanyň hökümetlerini eýeleýärdi diýip nygtap geçdi.

Iňlisiň daşary işler ministri jeremy Hunt hem bu duşuşykda Ýewropa Bileleşigi ýadro ylalaşygyň goralmagyny isleýändir we şu ugurda Eýran bilen ýörite maliýe sistemany berkarar etmegiň yzyndadyr diýip yglan etdi.

Tag

19 Noýabr 2018, 21:44
Teswirler