• Amir Abdollahiýan: Eýranyň syýasaty bütin Ýemenlileriň bähbitlerini goramakdyr

Eýranyň mejlis başlygynyň ýörite kömekçisi Hoseýin Amir Abdollahiýan Tehraniň syýasaty bütin ýemenlileriň bähbitlerini goramakdyr diýip yglan etdi.

Hoseýin Amir Abdollahiýan şu gün tehranda bütindünýä gyzyl haç guramasynyň orunbasary Gilles Carbonnier bilen geçiren duşuşygynda ýemeniň ýagdaýy ynsanlyk pajygadan ulyrakdyr we meded ýetirmek baradaky bütindünýä gyzyl haç guramasynyň adaty mehanizmleri ýemen ilatyna onçakly kömek edip bilmez diýip nygtady.

Amir Abdollahiýan şeýle-de Amerikanyň ýemen baradaky nädogry syýasatlaryna yşarat edip uruşparaz syýasatlar sebitde kän kynçylyklara sebäp bolýandyr diýip sözüne goşdy.

Gilles Carbonnier hem bu duşuşykda bütindünýä gyzyl haç guramasynyň ýemen barada syýasy çäräniň yzyndadygyny aýtdy.

19 Noýabr 2018, 22:03
Teswirler