• Zarif: Eýran milletini ýok etmek baradaky Amerikaly ekstremistleriň puç hyýaly başa barmaz

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif Amerikaly resmileriň Eýrana we Eýranlylara eden bihormatçylyklarynyň gaýtawulynda Eýran milletini ýok etmek baradaky Amerikaly ekstremistleriň puç hyýaly başa barmaz diýdi.

şu gün Muhammet jawad zarif twitter sahypasynda Amerikanyň prezidenti Donald Trampa garap Eýran milletini yzygiderli terrorçy hasaplamak bütin ilat bilen duşmançylygyňy paş etmekdir we bikanun gadaganlyklar arkaly Amerika döwletiniň Eýran milletini nyşana alanlygyny belli edýändir diýip nygtady.

Muhammet Jawad Zarif şeýle-de Eýran milletini ýok etmek baradaky Amerikaly ekstremistleriň puç hyýaly başa barmaz nygtap geçdi.

Amerikanyň prezidenti habarçylaryň arasynda eden çykyşynda Eýran milletini terrorçy hasaplamak bilen egerde Eýrana garap görseňiz we olaryň edýän işlerine ser salsaňyz durmuşda Eýran milletiniň terrorçydygyny aňarsyňyz diýip toslady.

Tag

21 Noýabr 2018, 21:30
Teswirler