• Ruhani:duşmanlar Eýranyň baş ýokarlygyny çekip bilmeýärler

Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani Yslam Eýranyň duşmanlary Eýran milletiniň garşysynda başlaryny egmäge naçardyrlar diýmek bilen duşmanlar gahardadyrlar we Eýranyň baş ýokarlygyny çekip bilmeýärler diýdi.

şu prezident Hasan Ruhani Semnan welaýatynyň edari şurasynda beren gürrüňlerinde gadaganlyklar döwründe wehimler pursata dönderilmelidirler diýip nygtady.

Eýran milleti gadaganlyklary gowy tanaýandyr we basyşlaryň manysyna düşünýändir diýip prezident Ruhani sözüne goşdy.

Eýranyň döwlet baş tutany sözüniň dowamynda duşmanlar Owganystan,Yrak,Siriýa we Liwan ýurtlarynda maksatlaryna ýetip başarmadylar we Ýemende hem şowsyzlyga uçrajakdyrlar diýip beýan etdi.

Ruhani şeýle-de Eýran Ýewropadan we Orta gündogaryň başga ýurtlaryndan howpsyzrakdyr we Eýranyň tertip düzgün goraýjy güýçleri şu ugurda bar tagallasyny edip durandyrlar diýip nygtap geçdi.

Eýranyň döwlet baş tutany Eýranyň goranyş kuwwatlylygy barada hiç bir tarap şol sanda Ýewropa ýurtlary bilen gepleşik geçirilmez diýdi.

Tag

05 Dekabr 2018, 22:58
Teswirler