• Aýatolla Kermani: Amerikanyň Eýran milletine garşy pitneleri şowsuzlyga uçrajakdyr

Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Ali Mowahhedi Kermani şu wagta çenli Amerikanyň Eýran milletine garşy amala aşyran bütin pitneleri şowsuzlyga uçrandyr diýmek bilen Amerika ýogalmak ýolyny aşyp barýandyr diýip nygtady.

Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Ali Mowahhedi Kermani 16-njy azara bababar gelýän talyp gününi gadyrlamak bilen 1953-nji ýylda Eýranly talyplaryň pahlawi režimi arkaly gyrana berilmeginde Amerikanyň rolyna yşarat edip Amerika döwleti Eýran milletine garşy amala aşyrlan jenaýatlaryň hemmesinde göni ýada göni bolmadyk şeklinde roly bolandyr diýip beýan etdi.

Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Ali Mowahhedi Kermani sözüniň dowamynda Amerikanyň, ýaponiýanyň Hiroşima we nakazaki şäherlerine garşy amala aşyran atom hüjümlerine, Yragyň Abugoraib we Guantanamo türmelerindäki jenaýatlaryna yşarat edip bu jenaýatlara garamazdan Amerika döwleti özüni demokratiýanyň we adam hukukynyň hemaýatçysy adynda görkezjek bolýandyr diýip nygtady.

Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Ali Mowahhedi Kermani sözüniň dowamynda Amerikanyň Eýran milletine garşy amala aşyran bütin duşmançylyklaryna we pitnelerine garamazdan Eýran milletiniň garşysynda şowsuzlyga uçramakda Waşington döwleti birinji hatarda durandyr diýmek bilen Amerika döwletiniň Eýran milletine garşy ýola beren soňky gadaganlyklary hem şowsuzlyga uçrajakdyr diýip yglan etdi.

Tag

07 Dekabr 2018, 17:36
Teswirler