• Eýran bilen Hytaýyň söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi

Eýranyň mejlis başlygy Ali larijani Eýran bilen Hytaýyň gatnaşyklary ýokary derejededir we iki ýurdyň köpugurlardaky syýasy geňeşleri bu gatnaşyklaryň çuňlygyny belli edýändir diýdi.

Ali Larijani Tehranda Hytaýyň milli mejlisiniň oruntutary Çen Žu bilen geçiren duşuşygynda terrorizme garşy göreşmek ugurdaky Eýran, Hytaý, Pakistan, Türkiýe, Orsýet we Owganystanyň hyzmatdaşlyklaryny möhüm hasaplap bu hyzmatdaşlyklar şeýle bir ýagdaýda amala aşyrlypdurlandyr welin Amerika döwleti soňky ýyllaryň boýunda DAEŞ toparynyň köp agzalaryny Owganystana geçirendir diýip nygtady.

Larijani sözüniň dowamynda sebit we bütindünýäniň durmuşky çylşyrymly ýagdaýynda Hytaýyň möhüm rola eýedigini aýdyp ýadro ylalaşygynda galan ýurtlar amatly bir herekete başgoşmasalar bu ylalaşygyň Eýrana peýdasy bolaz oňa görä Hytaý, Orsýet we ýewropa ýurtlarynyň ýadro ylalaşygyny goramak ugurdaky roly möhüm bolup durýandyr diýip beýan etdi.

Hytaýyň milli mejlisiniň oruntutary Çen Žu hem bu duşuşykda Pekin döwletiniň Tehran bilen uzak möhletli gatnaşyklaryň yzyndadygyny aýdyp soňky ýyllaryň boýunda Eýran, Hytaýyň iň uly söwda hyzmatdaşy bolandyr diýip nygtap geçdi.

Tag

07 Dekabr 2018, 18:05
Teswirler