11 Dekabr 2018, 20:38
  • Ruhani: Amerikanyň gadaganlyklaryndan soňra hem Eýranyň nebit eksporty dowam edip durandyr

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani 4-nji noýabrda ýola berilen Amerikanyň Eýrana garşy ikinji döwür gadaganlyklaryndan soňra hem Eýranyň nebit eksporty dowam edip durandyr diýdi.

şu gün Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Eýranyň 3 güýjiniň başlyklarynyň bilelikdäki maslahatyndan soňra eden çykyşynda 4-nji noýabrdan soňra Amerikalylar Eýran ykdysadyýetinde bidüzgünçilige garaşýardylar emma Eýran halky we ykdysady işjeňler bir hili amal etdiler welin Amerikanyň zyýanyna bolandyr diýip nygtady.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani sözüniň dowamynda üstümizdäki ýylyň deslapky 8 aýynda Eýranyň eksportynyň ýüzi ösüşe tarap bolandyr we geçen ýylyň degişli döwürne görä 13 göterim ösüşi görkezýändir diýip beýan etdi.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani şeýle-de Amerikalylar OPEC maslahatynda hem bu guramanyň nebit önüminiň azaldylmagynyň öňüne geçjek bolup tagalla etdiler emma olaryň aýdany bolmady we nebir önümi azaldyldy diýip nygtap geçdi.

Tag

Teswirler