02 Ýanwar 2019, 21:18
  • Ruhani:Amerikalylar sebit ilatynyň arasynda görünmäge milt etmeýärler

Eýranyň döwlet baş tutany Hasan Ruhani Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň gizlinlikde Yraga eden saparyna yşarat edip Amerikalylar Yrak,Siriýa,Liwan we Ýemen milletleriniň arasynda huzurly bolmaga milt etýän däldirler diýdi.

şu gün prezident Hasan Ruhani döwlet toparynyň maslahatynda beren gürrüňlerinde Amerikalylar 2003-nji ýyldan Yrak we Owganystan milletlerini halas edendiris diýip toslap gelýändirler diýmek bilen egerde Amerika Yragy halas eden bolsa näme üçin Donald Tramp resmi we açyk tärde bu ýurda sapar etmeýär diýip nygtady.

Ruhani şeýle-de Trampyň gizlinlikde Yraga sapar edip tizlik bilen bu ýurtdan çykyp gitmegi Amerikanyň sebitde şowsyzlyga uçranlygyny mälim edendir diýip sözüne goşdy.

prezident hasan Ruhani Amerikanyň Eýrana garşy gadaganlyklaryna hem yşarat edip duşmanlaryň basyşlaryna garamazdan Eýranyň ykdysady işleri oňaýly we umyt döredijidir diýip nygtady.

Amerikalylar hiç haçan Eýranyň nebit eksportyny kämil togtatmak baradaky maksatlaryna ýetip başarmazlar diýip prezident Ruhani sözüne goşdy.

Eýranyň döwlet baş tutany şeýle-de duşmanlaryň wehimleri bilen garşylaşmak üçin Eýranyň goranyş başarjaňlygynyň ýokarlandyrylmagynyň zerurlygyny nygtady.

Tag

Teswirler