22 Ýanwar 2019, 16:51
  • Aragçi:sebitiň iň asly kynçylygy Sionist režimidir

Eýranyň daşary işler ministriniň syýasy işleri boýunça orunbasary Abbas Aragçi Aziýanyň günbataryndaky dartgynlylygyň köki Sionist režimiň basyp alyjylygyndadyr we sebitiň iň asly kynçylygy Ysraýyl režimi we onuň basypalyjylykly we basgylaýjy syýasatlarydyr diýip nygtady.

Abbas Aragçi Tehranda Polşanyň daşary işler ministriniň orunbasary Prez Mislow Lang bilen geçiren duşuşygynda Palestina milleti kanuny hakyna ýetmese Aziýanyň günbatar sebiti aramlygyň ýüzüni görmez diýip beýan etdi.

Aragçi sözüniň dowamynda Aziýanyň günbatar sebitiniň başga kynçylygy Amerika döwletiniň nädogry syýasatlarydyr diýmek bilen Aziýanyň günbatarynda diplomatiýanyň ýekeje netijesi bolan ýadro ylalaşygyny ýok etmek ugurda tagalla edip ýörän Amerika dňwleti bu sebitiň kynçylygyny çözüp başarmaz diýip nygtady.

Eýranyň daşary işler ministriniň syýasy işleri boýunça orunbasary Abbas Aragçi şeýle-de geljek Fewralyň 13-nji we 14-nji günlerinde Polşanyň paýtagty Warşawda Amerika we Polşa döwletleriniň Eýrana garşy geçiriljek maslahata yşarat edip,Polşa döwleti Amerikanyň yzarlaýan hakyky niýetlerini düşünmelidir we onuň çykaryp biljek netijeleri barada oýlanmalydyr diýdi.

Polşanyň daşary işler ministriniň orunbasary Prez Mislow Lang hem bu duşuşykda Tehran-Warşawyň gowy gatnaşyklaryna yşarat edip Polşa döwleti Tehranyň dosty adynda Eýrana garşy herekete baş goşulmagyna rugsat bermez diýip yglan etdi.

 

Teswirler