16 Fewral 2019, 20:16
  • Gasemi: maýk Pens-iň Eýrana garşy gürrüňleri puçdyr

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Amerikanyň prezidentiniň orunbasary maýk Pens-iň Eýrana garşy gürrüňlerini puç we propaganda hereketleriň çarçuwasynda hasaplamak bilen bu toslamalar duşançylyk we gahar ýüzünden aýdylandyr diýip nygtady.

Amerikanyň prezidentiniň orunbasary maýk Pens düýn warşaw maslahatynda şowsuzlyga uçrandan soňra puç toslama esasynda Eýrany jöhide garşy bolmakda aýyplady.

şu gün Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Isna bilen geçiren söhbetdeşliginde Maýk Pens-iň Eýrana garşy aýdan gürrüňleri musulman Eýranlylaryň jöhitler baradaky garaýşyna şikes ýetirmez diýmek bilen ylahy dinler ylaýtada jöhit dini bilen bilelikde parahatçylykda ýaşamak baradaky Eýranyň taryhy geçmişi ygtybarly taryhy enetlerede bellige alynandyr diýip nygtady.

Amerikalylar bu hili toslamalar bilen hiç bir kynçylygy çözüp bilmejekdiklerini bilmelidirler diýip Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili sözüne goşdy.

Tag

Teswirler